BILIMJEMGYÝET

Türkmenistanyň ilçisi Kütahýa şäherine baryp gördi

Türkmenistanly talyplar bilen duşuşmak maksady bilen Türkiýäniň Kütahýa şäherine baryp gören Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I. Amanlyýew Kütahýa şäher häkimliginde we Kütahýa Dumlupynar uniwersitetinde boldy.

Türk metbugatynda hem-de Kütahýanyň häkimliginiň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen habara görä, Türkmenistanyň ilçisi Kütahýanyň häkimi Ali Çelik bilen duşuşdy. Ilçi myhmansöýerligi üçin dostlukly ýurduň häkimine minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň ilçisini Kütahýada myhman kabul etmekden hoşal bolandygyny bellän Kütahýanyň häkimi Ali Çelik  şäheriň taryhy, medeni we tebigy ajaýyplyklary barada gürrüň berdi.

Türkiýäniň köp sanly ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň bilim alýandygyny bellän Türkmenistanyň ilçisi özüniň hem Hajettepe uniwersitetiniň taryh bölümini gutarandygyny, Türkiýäniň Türkmenistanyň dostlukly hem-de doganlyk ýurdudygyny belledi. Medeniýet, taryh babatda köp sanly umumylyklaryň bardygyny bellän Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň türkmen talyplary üçin döredýän mümkinçiliklerinden iň oňat derejede peýdalanmagyň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň ilçisi Kütahýa şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde Kütahýa Dumlupynar uniwersitetinde boldy. Ol ýerde ýokary okuw mekdebiniň rektory Prof. Dr. Kazym Uýsal hem-de türkmen talyplary bilen duşuşyklar geçirdi. Türkmenistanyň ilçisi uniwersitetde okaýan türkmen talyplarynyň ýagdaýy barada maglumat almak we talyplar bilen duşuşmak üçin uniwersitetine baryp görendigini aýtdy.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak işine ýokayr baha berdi

ITTC-2024: ulag we logistika pudagynda global hyzmatdaşlyk üçin möhüm meýdança

Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda we maýa goýum mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykmakda öňdebaryjy ýurt

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň kömekçisi bilen duşuşyk geçirildi