TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Koreýanyň DIM-niň orunbasaryna ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň protokol meseleleri boýunça orunbasary Rýu Jeongýunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Rýu Jeongýun Türkmenistanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn netijeler bilen ösdürilmegi barada belläp geçdiler.

Iki dostlukly döwletiň arasyndaky özara gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda esas bolup durýan iň ýokary derejedäki gepleşikleri, şol sanda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşyklary gurnamak boýunça tejribesini dowam etdirilmeginiň wajypdygy aýratyn bellenip geçildi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky täze bellenen Ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Rýu Jeongýuna öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ýene-de okaň

Wengriýa Türkmenistanyň tebigy gazyna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan BMG-ä hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisi taslamasyny tizleşdirmek üçin Meýilnama gol çekildi

Teswirle