DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatoryna ynanç hatyny gowşurdy

Kanberra şäherindäki Hökümet binasynda Türkmenistanyň Awstraliýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatory Dewid Hýorlä ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi A.Baýramow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatoryna mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Şeýle hem, türkmen tarapynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanmasynyň bardygyny tassyklady.

General-gubernator öz gezeginde gelip gowşan mähirli salamlar we arzuwlar üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Awstraliýada ilkinji Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň bellenilmeginiň Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň taryhyndaky taryhy ähmiýeti barada belläp geçdi.

General-gubernator hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň gyzgyn we mähirli salamlarynyň ýetirilmegini haýyş etdi. Şeýle hem, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň möhümdigini bellemek bilen, Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Ženewada WIPO agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisi geçirilýär

Muttaki: TOPH taslamasy üçin ähli tagallalary ederis