MEDENIÝET

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyna eýe bolan raýatlarymyz

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigi hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändigi nazara alnyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly:

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Akmämmet Orazmyradowiç Akmämmedowa,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm redaktory Gurbannazar Arazgulyýewe,

«Altyn Nesil» hojalyk jemgyýetiniň alyp baryjy inženeri Kakajan Täşliýewe,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Muhammetmyrat Orazowa,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Rysgally obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Baýgeldi Akyýewe,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kaka şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Işanguly Gulyýewe,

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Annamyrat Ahun» dini guramasynyň baş ymamy Orazmyrat Annanepesowa,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky «Yhlas ýoly» hojalyk jemgyýetiniň sakçysy Nyýazmuhammet Rejepowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Annapolat Orazowa,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Bossan geňeşliginiň Helleň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Reýmbaý Ýolliýewe,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Sazakly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gutly Ballyýewe,

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ýazmyrat Arazmyradowa,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Mamatkuly Azymowa,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Hemraguly Agalyýewe,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Mekan geňeşliginiň Mekan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bazarkul Şalyýewe,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Agzybir geňeşliginiň Arkadag obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allaberdi Çaryýewe,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Murgap şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Geldimyrat Myradowiç Aşyrowa,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jumanazar Sapbyýewiç Jumamyradowa.

Ýene-de okaň

Aşgabatda we Türkmenbaşyda ýapon filmleri görkeziler

1-3-nji dekabr: Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

ÝB-niň wekilhanasy Mary şäherinde konsert gurnaýar

“Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndy neşir ediler

Aşgabatda Geýdar Alyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ÝB-niň Medeniýet hepdeliginiň çäginde konsert geçirildi

Ata Watan Eserleri