BIZNES

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmen-eýran serhediniň eýran bölegindäki «Lotfabad»  gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga, iki döwletiň gümrük, serhet we migrasiýa gulluklarynyň, Ilçihanalarynyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Ir bilen wekiliýetleriň serhet derwezesinde duşuşmagyndan soň «Lotfabad» gümrük nokadynyň edara binasynyň öňünde, dikuçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykan Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini we Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany hatyralamak çäresi geçirildi. Bu ýerde, wepat bolanlara ýadygärligiň açylyşy bolup geçdi.

Hatyralamak çäresinden soň, türkmen wekiliýeti «Lotfabad»  gözegçilik-geçiriş nokadynyň infrastrukturasy, ýük daşaýan uly ulag serişdelerini barlamak üçin ornaşdyrylan rentgen gözegçilik-barlag enjamynyň işi, gümrük nokadynda ulanylýan sanly ulgam bilen tanyş edildi hem-de ol ýerde ýük awtoulaglar üçin niýetlenen duralga meýdançasyna we demirýol menziline barylyp görüldi.

Soňra, «Lotfabad» gümrük nokadynyň mejlisler zalynda iki ýurduň serhet wekiliýetleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda, «Artyk-Lotfabad» gümrük nokatlarynyň işini gyş möwsüminde iki sagat uzaltmak meselesi, özara maglumat alyşmak mehanizminiň işlenip taýýarlanmagy, ýük daşaýan iki ýurduň sürüjileri üçin wiza resmileşdirmek meselesi, bu gümrük nokadynyň üstünden geçýän demir ýoluň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapyndan halkara multimodal ýük daşamalary ýola goýlanda, demir ýol ulag serişdelerinde ýük daşamalaryň tertibi we bahalary boýunça teklipler berildi hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili  şu ýylyň 1-nji iýunyndan Türkmenistanyň çägine getirilýän harytlar babatda elektron görnüşde deslapky maglumaty bermegiň ýola goýulandygy barada eýran tarapyna habar berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

“Sanly karz” ulgamy hyzmaty ornaşdyrylýar

Türkmen ilçisi Pakistanyň Federal Ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy