TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň halkara howa gatnawlary başlaýarmy?

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlarynda COVID-19 koronawirus pandemiýasynyň ýüze çykmagy bilen halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatdy. Bu halkara gatnawlaryň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasy https://turkmenistanairlines.ru   internet saýtynda yzygiderli habarlar çap edilýär.

  • Ilkinji gezek bu internet sahypasynda 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde howa gatnawlarynyň togtadylmagynyň möhletininiň 2020-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli uzadylýandygy mälim edilipdi.
  • Soňra 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda howa gatnawlarynyň togtadylmagynyň möhletininiň 2020-nji ýylyň 20-nji iýunyna çenli uzadylýandygy habar berildi.
  • 2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda  bolsa howa gatnawlaryň COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly togtadylmagynyň möhletiniň  2020-nji ýylyň 20-nji iýulyna çenli uzadylandygy habar berlipdi.
  • Iň soňky gezek 2020-nji ýylyň 20-nji iýulynda halkara howa gatnawlarynyň 31-nji awgusta çenli ýatyrylandygy mälim edilipdi.

Umuman, her aýyň ortalarynda (ortaça öňki uzadylan möhleti tamamlanmazdan 5-10 gün öň)  bu barada internet sahypasynda habar ýerleşdirilýärdi. Emma awgust aýynyň 24-indäky ýagdaýa görä, togtadylmagyň möhletiniň uzadylandygy barada ýokaryda ady agzalan saýta habar girilmändigini ýatladýarys.

Şu habaryň saýtymyza ýerleşdirilen wagtyndaky ýagdaýa görä, ýagny Türkmenistanyň ýerli sagady bilen 19:20 ýagdaýa görä şol saýta täze habar girilmändigini bellemek bilen,  eger-de ýokaryda ady agzalan saýta ýa-da beýleki resmi saýtlarda we çeşmelerde bu barada täzelik bolan ýagdaýynda  www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna bu barada gyzgyny bilen habar girjekdigimizi mälim edýäris. Şuwagtky ýagdaýa görä, togtadylmagyň möhleti 2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda tamamlanýar.

Şeýle hem türk metbugatynda “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň halkara gatnawlary barada yyzgiderli habarlar çap edilip, iň soňky gezek çap edilen habarda bu kompaniýanyň 1-nji sentýabrdan başlap, ýola goýjak halkara gatnawlarynyň sanawynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň hem bardygy bellenilip geçilipdi.

Täze döredijilik bäsleşigi ýakynda yglan ediler

Degişli habarlar

Täze sanjymlar:keselleriň öňüni alyş Milli sanjym tertibi

Halkara uçar gatnawlary 31-nji awgusta çenli ýatyrylýar

THY’nin eylül ayı uçuş planı belli oldu

Indi uçuşlar üçin kepilnama hökmany

Türk Howa Ýollary : Aşgabat uçar gatnawlary barada

Türkmenistan-Türkiýe uçuşlary haçan başlaýar

Uluslararası uçuşlar başladı: Türkmenistan’a kesinleşmiş uçuş planı varmı?

 

Syýahatçylyk we Saglyk ulgamyna degişli habarlary okamak üçin gök ýazylan ýere basyň!

Ýene-de okaň

Ýaponiýaly işewürler : “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen gyzyklanýar

Baş Redaktor

Awaza :ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meseleleri öwreniler

Baş Redaktor

THY-den Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýörite uçar gatnawy

Teswirle