TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky abraýy ýokarydyr

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar.  Türkmenistan milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagalla edýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasaty iki ugur boýunça, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk görnüşinde alnyp barylýar. Şundan ugur alyp, dünýäniň dürli sebitleriniň ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Ýurdumyzda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy bilen daşary syýasatymyzda uly üstünlikler gazanylýar. Bu ugurdaky alnyp barylýan işler we geljekde amala aşyrylmaly işler düýn hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, umuman, döwletimiz we Hökümetimiz parasatly, oýlanyşykly daşary syýasat ugrunyň ýokary derejede alnyp barylmagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi, dürli döwletler, halkara guramalar bilen özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle hem köp ýyllardan bäri döwletimiziň diplomatik gullugyň işini kämilleşdirmek üçin ähli zerur işleri edýändigini, ony işgärler bilen berkidýändigini, maddy-tehniki we maliýe taýdan üpjün edýändigini belledi. Aýdylanlary dowam edip, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekmegi türkmen diplomatlarynyň çekýän asylly zähmetine goýlan ýokary baha boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň döwrebap düzümi döredildi, onuň netijeli işlemegi üçin ähli şertler üpjün edildi, milli hünär mekdebi kemala getirildi. Bu giň gerimli işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli dowam etdirilýär, degişli kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirilýär, diplomatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulandyrylýar, ilçihanalaryň we konsullyklaryň ulgamy giňeldilýär. Türkmenistan abraýly halkara guramalarda mynasyp wekilçilik edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli, täzeçil syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini, onuň dünýädäki abraýynyň belende galmagyny üpjün edýär. Dürli döwletler bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda deňhukukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, şeýle hem iri halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň düzüm birlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan möhüm ugurlarydyr. Bu ugurdaky işleri amal etmek babatda ýurdumyzyň diplomatik düzümi tutanýerli zähmet çekýär.

Gülnur Hojaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle