TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ýurtda ilkinji bolup pagta borçnamasyny ýerine ýetirdi

Kaka etrabynyň «Ýaz meýdan» daýhan hojalygy 650 gektar pagta meýdanyndan «ak altynyň» 1255 tonnadan gowragy ýygnalyp, Watanymyzyň pagta harmanyna tabşyryldy. Şeýlelikde, tejribeli oba hojalyk hünärmeni Arslan Nuryýewiň daýhan hojalygy diňe bir etrapda däl, welaýat derejesinde-de ilkinjileriň biri bolup, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylda geçirilen mejlisinde oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek, ýerleri isleg bildirýän raýatlara 99 ýyl möhlet bilen bermek, şol ýerleriň belli bir böleginde döwlet tabşyrygyna degişli bolan gowaçany we bugdaýy, galan böleginde islege görä, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek boýunça kabul edilen çözgüde laýyklykda döredilen hojalykda 2500 gektara barabar ýer bölegi bar. Onuň bellibir bölegine şu ýylyň ýazynda ilkinji gezek gowaça ekildi. Munuň üçin gowaçanyň «Jeýhun» görnüşi saýlanyp alyndy.

Meýdandaky galan hasyly isripsiz ýygnap, möwsümiň ahyryna çenli «ak altynyň» ýene-de 50-60 tonnasyny harmana goşup, bu babatdaky tabşyrygy 130 — 135 göterime ýetirip berjaý etmek maksat edinilýär.

Daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişiniň hem gyzgalaňly dowam edýändigini bellemek gerek. Geljek ýylyň hasyly üçin 1200 gektara bugdaýyň saýlama görnüşlerini ekmegi maksat tutunan tejribeli daýhanlar häzirki günlerde ekişi ahyrky gektarlarda alyp barýarlar, şonuň bilen sazlaşykly irki ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işine hem ähmiýet berilýär.    

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Teswirle