DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Gruziýadaky ılçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirdi

2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden taryhy çykyşyna bagyşlanyp bu ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri üçin brifing geçirildi.

Brifinge TV-24, «1TV» teleýaýlymlarynyň, «The Georgian Business Week» hususy maslahat beriş we neşirýat kompaniýasynyň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Geoecohub» neşiriniň wekilleri, şeýle hem «Резонанс», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда» gazetleriniň habarçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow brifingde çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ugurlarynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan uly özgerişlikler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi nygtaldy.

Şeýle hem parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna eýerýän Türkmenistan döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürilýändigi bellenildi.

Şeýle-de diplomat Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň belent münberinde eden maksatnamalaýyn çykyşynyň esasy başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasy beýannamasynda dünýädäki häzirki ýagdaýlara baha berildi we şu günki global gün tertibinde duran derwaýys meseleleriň ençemesiniň çözgüdine gönükdirilen möhüm ugurlar beýan edilendigi barada bellenildi.

Yzygiderli syýasy gepleşikleriň işjeň ösdürilmeginiň, ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrmagynyň, köp ugurly medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugurlarynyň esasynda oňyn türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň çalt depginde ösýändigi aýratyn nygtaldy.

Brifinge gatnaşyjylara ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, şeýle-de türkmen taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan wideo görkezildi.

Brifingiň çäginde ilçihanada Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň medeni we sungat eserlerine bagyşlanan sergi gurnaldy.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň täsirli zenanlary

Türkmenistanyň Prezidenti Zambiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

COP-28: 30 milliard dollarlyk howa gaznasy dörediler

Ata Watan Eserleri

Antoniu Guterriş: 2023-nji ýyl iň yssy ýyl boldy

Türkmenistan we Azerbaýjan gümrük pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler