22-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, daşary işler ministri BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 10-25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisiniň geçirilýändigi bellenildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda hödürlenen “Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi” hem-de “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” atly köptaraplaýyn hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütler biragyzdan kabul edildi.
Şunuň bilen birlikde, “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr” döwlet tebigy goraghanalarynyň, “Repetek” döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň “Ýerajy” çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu baýramçylyk günlerinde Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan şatlykly habara ünsi çekdi. Bu guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä mirasy komitetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüt biragyzdan kabul edildi. Ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň hem ýokarda agzalan sanawa girizilendigi bellärliklidir.