Aprel aýynyň birinji 10 günlüginde Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçiriljek möhüm syýasy we ykdysady çäreleriň birnäçesi göz öňünde tutulýar.
Olar:
4-5-nji aprel: türkmen wekiliýeti söwdanyň ilerledilmegi boýunça sebit maslahatyna gatnaşar. Bu çäre USAID-iň goldaw bermeginde Daşkent şäherinde geçiriler. Ol Merkezi Azýanyň eksportçularyna goldaw bermek maksady bilen guralýar.
4-6-njy aprel: Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň söwda ulgamynyň, haly we dokma önümleriniň sergisi guralar.
6-njy aprel: paýtagtymyz Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň deputatlarynyň ilkinji mejlisi geçiriler.
7-nji aprel: Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dürli çäreler guralar.
6-8-nji aprel: Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty hem-de türkmen-täjik işewürler geňeşiniň maslahaty geçiriler.
9-10-nji aprel: Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary meýilleşdirilýär.