SPORT

Türkmenistanyň Elektron sport federasiýasy GEF-e agza boldy

Ge­çen ýy­lyň de­kabr aýyn­da dö­re­di­len Global ki­ber sport fe­de­ra­si­ýa­sy (GEF) Türk­me­nista­nyň Elekt­ron sport fe­de­ra­si­ýa­sy­ny hem öz agzalygyna kabul etdi. Şeýlelikde, döredilenine he­niz bir ýyl hem bol­ma­dyk hal­ka­ra fe­de­rasi­ýa­nyň ag­za­la­ry­nyň sa­ny 54-e ýet­di.

Elektron sporty has-da ösdürmek, olaryň Olimpiýa maksatnamasyna girizilmegini gazanmak GEF-niň, häzirlikçe, iň uly maksady. Şeýlelikde, bu herekete elektron sportunyň türkmenistanly wekilleri hem goşulyp biler. Olary beýleki agzalar bilen bilelikde saýlama ýaryşlara gatnaşmaga çagyrmak meýilleşdirilýär.

Bu gurama Ýer ýüzünde saglyk bilen bagly ýagdaýlaryň durnuklylaşmagyna seredip, şu ýylyň ahyryna çenli bir iri halkara ýaryşy geçirmegi meýilleşdirýär. Bu ýaryşda öz ildeşlerimizi hem görüp bileris — diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Ýene-de okaň

Hytaýda 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

ХIХ Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň baýdagy galdyryldy

Nagelsmann Germaniýanyň ýygyndysyna tälim berer

Türkiýäniň milli ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

“Arkadag” topary nobatdaky ýeňşini gazandy

AFK-nyň Çempionlar ligasy: “Ahal” ýeňiş bilen başlady