TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Bu mejlisiň barşynda birnäçe guramaçylyk wezipelerine seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellendi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, polkownik Batyr Wolsahatow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine bellendi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ozalky başlygy polkownik Nazar Atagaraýew Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri wezipesine bellendi.

Ýene-de okaň

Hytaýda “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde birinji sammit geçiriler

Dünýäniň liderleri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Şu gün – Halkara Nowruz güni

Teswirle