TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

 Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy halkara şahadatnama aldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy Halkara standartlaşdyryş guramasyndan laýyklyk şahadatnamasyny aldy. Resminama ygtybarly hil gözegçilik ulgamyna şaýatlyk edýär. Bu barada “Mir 24” teleýaýlymynyň elektron sahypasynda bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň döredilenine 28 ýyl boldy. Bu, ýurtdaky eksport-import amallaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirýän esasy guramalaryň biridir.

Ykdysady görkezijiler halkara ykdysady ulgamyna üstünlikli birleşmäge mümkinçilik berdi. Şahadatnama garaşsyz barlag boýunça Şweýsariýa kompaniýasynyň wekili tarapyndan berildi.

“Gurama bu laýyklyk şahadatnamasyny ilkinji gezek almaýar. Bu şahadatnamany ilkinji gezek 2019-njy ýylda aldy. Şu gün bolsa halkara hil dolandyryş ulgamynyň standartyna laýyk gelýändigini tassyklady “-diýip, Şweýsariýanyň SGS kompaniýasynyň amallar boýunça menejeri German Linkow habar berdi.

Şweýsar topary dürli ýurtlaryň biržalarynyň degişli sertifikasiýa şahadatnamasyny almagy üçin hemmetaraplaýyn gözegçilik işlerini alyp barýar.

Ýene-de okaň

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

«Sanly TIR» ulgamynyň ornaşdyrylyşy boýunça tejribe duşuşygy

Teswirle