JEMGYÝET

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellendi

Şu gün ýurdumyzyň milli baýramçylyk senenamasynda 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda döredilen Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Şu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatdaky Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahaty geçirildi. Onuň işine “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Halkara maslahatyň öňüsyrasynda institutyň giň zalynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda ýurdumyzyň bilim diplomatiýasy, energetika diplomatiýasy, lukmançylyk diplomatiýasy, sport diplomatiýasy, öňüni alyş diplomatiýasy ýaly ugurlarda gazanan üstünlikleri görkezildi.

Şeýle hem sergide ýurdumyzyň öňden gelýän esasy hyzmatdaşy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň giň sergi diwarlygy ýerleşdirilip, onda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklar barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Şeýle hem giň ekranda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli wideoýazgy taýýarlanyp, onda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat ugry barada giňişleýin gürrüň berildi.

Soňra halkara maslahat öz işini dowam etdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda täze hünär baýramynyň — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň döredilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy. Munuň özi döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmaga uly ähmiýet berýändigini, biziň açyklygymyzy, hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy ýurdumyzda we bütin dünýäde aýdyňlygy bilen görkezdi, halkara giňişlikde Watanymyzyň bähbitlerini öňe sürmek hem-de goramak boýunça örän wajyp gural hökmünde diplomatiýanyň ornunyň ykrar edilýändigini tassyklady, diýip Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilip geçilýär.

Soňra halkara maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler mistri R.Ö.Merdowyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mihael Uwe Birhoffyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ali Mardan Rouzbehaniniň, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Luiji Ferrariniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirokyň çykyşlary diňlenildi.

Çykyşlarda şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen onuň beren öwüt-nesihatlaryndan ähli ýurtlaryň has köp peýdalanmagyny we parahatçylyga, gepleşiklere we durnuklylyga goşant goşmagyny arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenlerini ýakyndan tanalyň!

Aşgabatda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Jo Baýden prezidentlige dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanda saparda bolar

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan: täze demirýol taslamasy durmuşa geçiriler