TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonzo bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllardaky oňyn ösüşini bellediler. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy babatda, şeýle-de energetika ulgamdaky we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täzelenen Strategiýasynyň maksatlary we wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

Täze prokurorlar wezipä bellendi

Kazylar wezipä bellendi

Teswirle