BIZNES

Türkmenistanyň demir ýollaryň uzynlygy 5173,4 kilometre ýetýär

Demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem döwlet Baştutanymyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýýan wezipeleriniň hataryndadyr.

Uzak aralyklara ýük daşamalarda esasy orny eýeleýän demir ýol pudagynyň ösdürilmegi ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýän Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Bu pudaga hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, dolandyryşyň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmak, serişdeler binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we hereket edýän düzümleri netijeli ulanmak, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek, işgärleriň iş şertleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly işiň dürli ugurlaryny öz içine alýan ýokary talaplar bildirilýär.

Häzirki wagtda bar bolan demir ýollaryň uzynlygy 5173,4 kilometre ýetýär, şolaryň 3947,1 kilometri esasy ýollara degişlidir.

Ulag ulgamynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigi bellärliklidir. Uzen — Bereket — Gürgen, Kerki — Ymamnazar — Akina, Aşgabat — Garagum — Daşoguz, Zerger — Kerki polat ýollary şolaryň hataryndadyr. Goňşy döwletleriň demir ýol ulgamyna birikýän demir ýollaryň gurulmagy üstaşyr ýük daşamalaryň artdyrylmagyny şertlendirdi.

Häzirki wagtda ýurdumyz Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoly, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy demir ýollary, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi arkaly üstaşyr ýük akymlaryny birleşdiriji möhüm döwlet hökmünde ykrar edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan dünýäde eýeleýän taryhy ornuny dikeltmäge uly ähmiýet bermek bilen, bu ugurda iri taslamalary amala aşyrýar. Sebit döwletleri, halkara guramalar bilen ulag-kommunikasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär.

Ýene-de okaň

“Turan.app” – türki dünýäsiniň maliýe goşundysy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Germaniýanyň söwda dolanyşygy 305 million dollara deň boldy

Türkmenistan bilen Özbegistan ulag ulgamyndaky resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrýar

“Rönesans” kompaniýasy Aşgabatda söwda merkezini gurar

Türkmenistanyň maýa goýum forumy we ugurdaş sergisi geçiriler

Türkmenistan “CASCA +” halkara multimodal geçelgesiniň döredilmegine işjeň gatnaşýar