TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlary hukugyna uly gyzyklanma

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara göçme forumynda Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlary hukugyna degişli çykyşlar hem diňlenildi. Bu ugurda “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň baş redaktory Dr.Döwran Orazgylyjowyň çykyşy uly gyzyklanma döretdi.

Dr.Döwran Orazgylyjow bu ugurdaky çykyşyna başlamazdan ozal, nebitgaz pudagyndaky käbir gyzykly maglumatlara ünsi çekdi. Ol eden çykyşynda “BP Statistical Review of World Energy 2019” maglumatlaryna salgylandy. Şol maglumatlara görä, 2018-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, subut edilen (proved reserve) global tebigy gaz rezerwleriniň jemi 197 trillion kubmetre barabar boldy. Bu görkeziji 10 ýyl mundan ozal, 170 trillion kubmetre deňdi. Ýagny 10 ýylyň dowamynda  global subut edilen tebigy gaz gorlary 27 trillion kubmetr artdy. Şol döwürde dünýä boýunça sarp edilen tebigy gazyň möçberi bolsa ortaça 30 trillion kubmetre deň.  Başgaça aýdanymyzda şol döwürde jemi goşmaça 57 trillion kubmetr tebigy gazyň gory subut edildi. Şeýle hem degişli döwürde Türkmenistanyň subut edilen tebigy gaz gorlary artyşy 11 trillion kubmetre deň boldy. Diýmek, gury ýer (onshore) boýunça dünýäniň iň uly tebigy gaz ýatagyna eýe bolan Türkmenistanyň global tebigy gaz howpsuzlygyny üpjün etmek üçin subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça goşandy 19 göterimdigi mälim edildi.

Soňra çykyşynyň esasy mowzugyna geçen Dr.Döwran Orazgylyjow Türkmenistandaky daşary ýurtly maýadarlar bilen baglanyşykly edilýän kanuny özgertmeler barada durup geçdi. Bu babatda maýadarlara berilýän mümkinçilikler, daşary ýurt maýalarynyň agram böleginiň nebitgaz pudagyna goýulýandygy, ýöne muňa garamazdan beýleki pudaklarda hem maýa goýum ýagdaýynyň amatlydygy belläp geçdi.

Şeýle hem bu mowzukdaky çykyşynda Türkmenistanda daşary ýurt maýadarlarynyň golçur kärhana, bilelikdäki kärhana we şahamça açmak görnüşlerinde maýa goýum amala aşyryp biljekdigini mälim etdi. Çykyşyň ahyrynda sorag-jogap alşyldy.

Türkiýe çap edilen “Halkara maýa goýumlar nukdaýnazaryndan bilelikdäki kärhana” atly kitabyň hem awtory bolan Dr. Döwran Orazgylyjow Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumly kompaniýalara hukuk hyzmatlaryny berýär.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle