DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministry ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki hereketleriň üç ölçeg esasynda durmuşa geçirilmegi boýunça işjeň pikirler alyşyldy.

Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we adam söwdasyna garşy göreşmek babatyndaky  hyzmatdaşlyga jikme-jik seredildi. Howpsuzlyk ulgamynda ÝHHG-niň Bitewi strategiýasynyň işlenilip düzülmegi ugrunda çykyş eden türkmen tarapynyň onuň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Taraplar ýurtlaryň arasyndaky gapma-garşylyklaryň öňüni almak boýunça netijeli serişdeleriň we gurallaryň ulanylmagynyň möhümdigini nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan täze syýasy-diplomatik gurallaryň ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerine seredilmegini teklip etdi.

Şeýle-de terrorçylygyň we transmilli guramaçylykly jenaýatyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça sebit maslahatynyň geçirilmegi babatynda Türkmenistanyň teklibi beýan edildi. Milli derejede kiberhowpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owgan meselelerine hem seredilip geçildi. Türkmenistan tarapyndan iri energetika, ulag we aragatnaşyk taslamalaryna bu dostlukly goňşy ýurduň hemmetaraplaýyn dikeldilmeginiň  hereketlendiriji güýji hökmünde garalýandygy beýan edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda energiýa howpsuzlygynyň we durnukly ulag ulgamynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar sebit we global ösüş nukdaýnazaryndan, energiýa serişdelerine durnukly elýeterliligiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly,  dünýäde energiýa serişdeleriniň iri öndürijileriniň we üpjün edijileriniň biri bolmak bilen,Türkmenistan olaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagy boýunça oňaýly gurallaryň döredilmegi ugrunda işjeň hereketleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurt öz nobatynda ÝHHG-niň ýöriteleşdirilen düzüminiň – Durnukly energiýa boýunça Geňeşiniň döredilmegini teklip edipdi.

Şeýle-de duşuşykda ulag we ekologiýa howpsuzlygy boýunça özara hereketleri giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda, ÝHHG-niň «Hazar deňzi sebitinde “ýaşyl” portlaryň we özara baglanşyklylygyň ösdürilmegine ýardam bermek» taslamasynyň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan Merkezi Aziýada we Kawkazda “ýaşyl” portlary ösdürmek, sanlylaşdyrmak, şeýle-de söwda hem-de ulag gatnawlarynyň amallarynyň ýeňilleşdirilmegine ýardam bermegi maksat edinýär.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Taraplar adam hukuklaryny, gender deňligini  goramak we ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň netijelerine seredip geçdiler. Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň üsti bilen ýurduň ÝHHG bilen özara hereketleriniň netijeli alnyp barylýandygy bellenildi. Şeýle-de ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary bilen gatnaşyklaryň ähmiýeti hem nygtaldy.

Duşuşykda Türkmenistanda häzirki zaman sanly köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ornaşdyrmak babatda bilelikdäki başlangyçlaryň we taslamalaryň ösdürilmeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň möhüm orny beýan edildi.

 

Dünýäniň iň gymmat baly

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

Aşgabat şäheriniň gününde 136 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

Türkmenistan-Atom energiýasy boýunça halkara agentligi: hyzmatdaşlyk üçin täze teklipler

Türkmenistan Bahreýn Patyşalygyna ilçi belledi

Italiýa-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar