DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Italiýa sapary

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynda iş saparynda boldy.

Saparyň dowamynda Rimde  türkmen wekiliýeti bilen Wise-premýer we Italiýanyň Daşary işler ministri Antonio Taýaniniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Daşary işler ministrleri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanpewer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi hem bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Italiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň Prezidenti Alwaro Lario bilen duşuşdy.

Taraplar Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Şol gün türkmen wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary Maurisio Martina bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar bilelikdäki taslamalar we meýilleşdirilýän işler barada pikir alyşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly azyk howpsuzlygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meýilleri beýan edildi.

Taraplar oba hojalygynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde USAID-yň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Wengriýada ahalteke atlarynyň görkezme çykyşlary geçirildi

ABŞ-nyň Türkmenistana bellenen ilçisi Elizabet Rud kasam kabul etdi

Donald Tramp resmi taýdan prezidentlige dalaşgär görkezildi

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi