TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri sylaglandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk edaralaryň ýolbaşçylary, şol sanda ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň, halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri Raşid Meredowyň köp ýyllardan bäri ýurdumyzyň daşary işler ministrligimize ýolbaşçylyk edip gelýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz onuň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny kämilleşdirmekde, dünýäniň dürli ýurtlary bilen döwletimiziň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, ösdürmekde uly işleri bitirendigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şoňa görä-de, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri Raşid Meredowy “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglady. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti bu baradaky resminama gol çekdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Halkara guramalar Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

Baş Redaktor

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle