TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMGÖM-iň wekili bilen duşuşdy

2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Administratorynyň orunbasary we BMG-niň ÖM-nyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen uzakmöhletleýin hem-de netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Taraplar BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça wekilhanasynyň netijeli işini aýratyn belläp geçdiler.

Pandemiýa ýagdaýynyň global we sebitleýin netijeleri hem-de olaryň aradan aýrylmagy boýunça bilelikde durmuşa geçirilýän hereketler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Koronawirusyň ýaýramagy ýaly global wehimlere garşy göreşmekde syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagy dogrusyndaky Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem aýratyn nygtalyp geçildi.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň kabul edilendigi hem-de onuň BMG bilen hyzmatdaşlykda işlenilip düzülendigi bellenildi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyň degişli Meýilnamasynyň işlenilip düzülmegi bilen birlikde pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagy maksady bilen özarahereket etmegiň zerurlygy aýratyn nygtaldy.

Şonuň ýaly-da Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki çäreler hem-de taslamalar hem ara alnyp maslahatlaşyldy we olar öz nobatynda ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem öz beýanyny tapýandyr.

Taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygyna degişli birnäçe meselelere seredip geçmek bilen, saglygy goraýyş hem-de daşky gurşawyň goragy ulgamyndaky özarahereketleriň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler. Şonuň ýaly-da BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistan babatynda 2021-2025 ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnamasynyň işlenilip düzülmegi boýunça pikirler hem alyşyldy.

Ýene-de okaň

Döwlet münberindäki Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasy

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan harby ýöriş

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Teswirle