SPORT

Türkmenistanyň çempiony “Zenit” bilen deňme-deň oýnady

Birleşen Arap Emirliklerinde okuw türgenleşigini geçýän Türkmenistanyň çempiony “Arkadag” topary Russiýanyň güýçli topary “Zenit” bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Russiýanyň birnäçe gezek çempiony “Zenit” toparyndan Wilson Izidor tapawutlandy. «Arkadag» toparynyň  futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalandy.

Ozal, Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Russiýanyň «Pari NN» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, bu topary ýeňmegi başarypdy.

Şeýlelikde, “Arkadag” topary bu okuw-türgenleşiginiň çäklerinde güýçli toparlar bilen güýç synanyşyp, oňat netijeler görkezdi. Wladimir Baýramowyň şägirtleri dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbol toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirip, uly tejribe topladylar.

Ýene-de okaň

58 ýaşyndaky türgen Olimpiýa oýunlarynda çykyş eder

Sport baýramçylygy – Olimpiýa oýunlaryna sanlyja gün galdy

“Real Madrid” – dünýäniň iň gymmat topary

Ýamalyň goly Ýewropa çempionatynyň iň owadan goly boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawy 16-njy awgustda başlanar

Mbappe: men bagtly oglan, “Realda” oýnamak arzuwym hasyl boldy

Ata Watan Eserleri