TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygy

Ertir, ýagny 2020-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ne Aşgabatda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (WTO-World Trade Organization) agzalygy üçin döredilen Ýörite Hökümet Toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu mejlisiň gün tertibinde Türkmenistanyň bu hökümetara guramanyň düzümine ilkinji tapgyrda synçy hökmünde gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşmak we degişli maglumatlary taýýarlamak durýar. Ýörite Hökümet Topary 2019-njy ýylda döredildi. Türkmenistanyň bu gurama agzalygy öwrenmek meseleleri 2013-nji ýyldan bäri dowam edýär. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygy bilen bagly alnyp barylýan işleri tamamlamak «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy»nyň hem maksatlarynyň biri bolup durýar.

Bütindünýä Söwda Guramasy 1995-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň 164-si agza bolup durýar. Bu ýurtlar dünýä boýunça söwdanyň 98% düzýär. Häzirki wagtda 24 ýurt synçy hökmünde bu gurama gatnaşýar.

Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň hyzmatdaşlygynda 2016-njy ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa we Köptaraplaýyn söwda ulgamy» atly Söwda syýasaty Forumy geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle