BILIM

Türkmenistanyň bilim edaralarynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde şu ýylyň fewral-mart aýlarynda sanly ulgam arkaly halkara okuw-usuly maslahaty we olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanylan Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyndan ugur alnyp,

  • 28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli “Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahaty,
  • 10 — 15-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny,
  • 18-nji martda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
  • Halkara okuw-usuly maslahata we olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, RF-niň, HHR-iň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Awstriýa Respublikasynyň, GFR-iň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki onlarça döwletiň abraýly bilim ojaklarynyň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
  • Munuň özi ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlaryna Koreýa Respublikasynda talyp haky mümkinçiligi döredilýär

Türkmenistanda emeli aň boýunça bäsleşik geçiriler

Türkiýä daşary ýurtly talyplaryň sany 500 müňe ýetirer

Türkmen talyplary we okuwçylary halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandy

Türkmenistanyň ilçisi Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Dünýäniň iň gowy türk uniwersitetleri

Ata Watan Eserleri