TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmenistanyň baş tälimçisi Ispaniýada okuw geçýär

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Ispaniýanyň “Wilýarreal” toparynyň futbol akademiýasynda tälimçilik okuwyny geçýär. Bu barada akademiýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Mergen Orazow akademiýanyň tälimçisi Karlos Ortis bilen duşuşyk geçirdi. Ol toparyň akademiýasynyň işleri bilen tanyşdy.

35 ýaşyndkay türkmen tälimçisi Türkmenistanyň milli ýygyndysyny 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna taýýarlaýar.

Şeýle hem türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy şu ýylyň tomsunda Merkezi Aziýanyň futbol çempionatyna gatnaşar.

Ispaniýanyň “Wilýarreal” topary hem “La Liga” çempionatynyň güýçli toparlarynyň biridir. Wilýarreal şäheriniň adybir topary ispan futbolynda köp sanly üstünlikleri gazanan klubdyr.

Ýene-de okaň

Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi

Messi PSŽ bilen hoşlaşdy

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Teswirle