TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň wise-başlygy hökmünde işini dowam etdirýär

Golaýda Türkmenistanyň baştutanlygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň ýolbaşçylygyndaky mejlisde BMG-niň Baş sekretarynyň Mýanma boýunça ýörite wekili hanym Noelin Heýzer tarapyndan brifing geçirildi.

Brifingiň dowamynda ýörite wekil ynsanperwer kömegine, parahat ilaty goramaga, şeýle hem Mýanmada geçiriljek saýlawlarda umumy ýagdaýyň kadalaşdyrylmagyna aýratyn üns berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2022-nji ýylyň iýun aýynda BMG Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanypdy.

Ýene-de okaň

Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenıstanda maşgalalary berkitmek boýunça halkara hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Teswirle