TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasy dörediler

Hormatly Prezidentimiz düýn geçiren iş maslahatynda orta mekdepleriň 7 — 14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.

Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalarynyň ýokary depginler bilen ösýändigini, dünýä ylmynyň gazananlarynyň we okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň yzygiderli täzelenip durýandygyny nazara alyp, halkymyzyň milli däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri ornaşdyrylmalydyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirden başlap, 2020-2021-nji täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir.

Häzirki döwürde Türkmenistanda maglumat tehnologiýalaryna we sanly ykdysadyýete geçmek meselesine aýratyn üns berilýändigini nazara alyp, bu ugurdan hünärmenler taýýarlanylmalydyr.

Şeýle hem bilim edaralarynyň hemmesiniň sanly ulgama geçirilmegini dowam etmek, mugallymçylyk ugurly bilim edaralarynda giň dünýägaraýyşly, ýokary hünär derejeli mugallymlary taýýarlamak, hünär biliminiň ähli ugurlarynyň baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen, orta hünär bilim ulgamynyň binýadynda ugurdaş hünärler boýunça ýokary okuw mekdepleri üçin hünär bilim maksatnamasyny işläp taýýarlamak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz okgunly ösýän tehnologiýalary hasaba almak bilen, bilim edaralarynda täze hünärleriň yzygiderli girizilmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze gurulýan orta mekdepleriň ýanynda degişli çagalar baglaryny mekdep bilen birleşdirip okuw toplumlaryna öwürmek, bu toplumlara degişli çagalar baglarynda okuwçylary taýýarlamak zerurdyr.

Şeýle hem umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdeplerde çagalaryň we ýaşlaryň täze tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin robot tehnologiýasy ugurly orta mekdepleri açmagyň wajypdygy bellenildi.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öz işini 14-den uly ýaşdaky nesillere niýetläp alyp barýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow orta mekdepleriň 7 — 14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – Russiýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Teswirle