TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistanyň 10 aýdaky ykdysady görkezijileri

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýurdumyzyňhalk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanylan netijeler barada hasabatlar berildi. Ministrler Kabinetiniň mejlisine Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.

  • Hasabat döwründe jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy.
  • Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önüm 4,1 göterim köpeldi.
  • Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 18,9 göterim ýokarlandy.
  • Şu ýylyň 10 aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109, 2, çykdajy bölegi 87,4 göterim ýerine ýetirildi.
  • Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň maksady 25 milliard manada deň boldy.
  • Döwlet haryt çig mal biržasy tarapyndan ýanwar-oktýabr aýlarynda birža söwdalarynyň 231-si geçirilip, 23062 şertnama baglaşyldy.
  • Söwda-senagat edarasy boýunça degişli döwürde sergileriň 5-si, wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaryň 25-si geçirildi.
  • Senagatçylar we telekeçiler birleşmsi boýunça hasabat döwründe senagat önümleriniň öndüriliş mukdary 133 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriň möçberi 110,2 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz ykdysadyýetiň hususy bölegini döwlet tarapyndan goldamak bilen baglanyşykly çäreleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümlerini öndürýän hususy oba hojalyk firmalarynyň işlerini işjeňleşdirmek barada degişli görkezmeler berip, ýurdumyzda öndürilýän öümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly iri tehnologik kompaniýalaryň döredilmeginiň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz şeýle hem degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň hususylaşdyrmak baradaky kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak babatda hem degişli görkezmeler berdi.

 

Ýene-de okaň

Gyrgyzystan Türkmenistan bilen elektrik energiýasy boýunça ylalaşyk baglaşar

Türkmenistan manat serişdelerine Russiýadan gurluşyk armaturasyny satyn aldy

Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Teswirle