TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Türkmenistany Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap meýdançasyna öwreris”

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirilýär.

Bu dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti öz Gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynda ýokarda agzalanan iri sport ýaryşlarynda üstünlik gazanan türkmen türgenlerini gazanan ýeňişleri bilen gutlan Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda dürli görnüşdäki sport ýaryşlary ýokary derejede we üstünlikli geçirilýändigini, muňa Aşgabatda 2017-nji ýylyň 17 — 27-nji sentýabry aralygynda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary astynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda “Amul — Hazar” halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmeginiň aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylda ýurdumyzyň sportunyň taryhynda täze üstünlikli sahypalaryň açylandygyny belläp, Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça türgen gyzymyzyň gazanan kümüş medaly Türkmenistanyň sport ussatlarynyň öňünde gazanyp bolmajak üstünligiň ýokdugyny subut edengini belläp geçdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag hatynda: “Ýurdumyzy halkara sport ýaryşlarynyň, çempionatlardyr Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap meýdançasyna öwreris. Täze sport düzümlerini döretmek arkaly hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris.” diýlip hem bellenilip geçilýär.

Ýene-de okaň

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi: 7 aýyň jemi

Ata Watan Eserleri

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

Awazada halkara maslahat: 39 döwletden we 34 halkara guramadan wekiliýet gatnaşýar

Ata Watan Eserleri