TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmenistanly ýaşlaryň 155-si Hytaýa bilim almaga iberiler

Ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barha ýaýbaňlanýar. Şonuň bilen birlikde, bilim ulgamy boýunça dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Muňa Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem aýdyň mysaldyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär. 

Şu ýyl iki döwletiň arasynda gazanylan ylalaşyklar esasynda, türkmenistanly ýaşlaryň 155-si Hytaý Halk Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberiler.

Häzirki günlerde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti köp adamly. Bu ýerde 2023-2024-nji okuw ýylynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri dowam edýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işleri mart aýynyň 29 — 31-i aralygynda geçiriler. Seçip alyş işi umumybilim berýän derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde döwlet dilinde, orta mekdepleriň okuw maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, talyplyga kabul edilenler 2023-2024-nji okuw ýylynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ýaly hünärler boýunça bilim alarlar.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaralar

«Ýylyň talyby-2023» bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Teswirle