TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmenistanly talyp gyz erik ýapragyndan antibakterial serişde aldy

Öňümizdäki sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetinde talyplygynyň dördünji ýylyna girişjek Bägül Sylabowa erik ýapragynyň düzümindäki bakterialara garşy göreşiji ingrediýenti almagy başaryp, ony sabyn önümçiliginde ulanmagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Şeýlelikde, türkmenistanly talyp gyzyň başlangyjy bilen antibakterial sabynlaryň täsirliligini ozalkysyndan ep-esli güýçlendirip bolar ― diýip, «Nesil» gazeti habar berdi.

Bägül, ilki bilen, erigiň ýapragynyň düzüminde saklanýan antibakterial serişde bolan ingrediýenti bölüp aldy. Şol serişde düzümine goşulan sabyn bedeniň öýjüklerini dikeldiji, bakteriýalardan has täsirli goraýjy we antiseptiki häsiýetlere eýe bolýar. Üstesine, şeýle düzümli sabyn diňe bir bedenden bakteriýalary aýyrman, birnäçe wagtlap olaryň gaýtadan bedene ýokuşmagynyň hem öňüni alýar, ýagny goraýar.

Sabyna şeýle garyndy goşulanda, bedende kesel dörediji howply bakteriýalaryň bäşisiniň (Staphylococcus aureus, Bacillus cereus, Microccus luteus, Enterococcus faecalis, Proteus) düýbünden ýok bolýandygy görüldi. Şeýle netijäni dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň önümleriniň hem diňe käbirinde görüp bolýar. Türkmenistanly talyp gyz bolsa şeýle güýçli täsir edip bilýän sabyny ýerli şertlerde hem taýýarlamagyň mümkindigi baradaky pikiri öňe sürdi. Ýok, bu diňe pikir hem däl, ol pikirini iş ýüzünde subut etdi. Üstesine-de şeýle görnüşli sabynyň zäherleýji häsiýeti ýok, ol ynsan saglygyna we daşky gurşawa düýbünden zyýansyz.

Talyp gyz Bägül Sylabowa bu iş bilen şu ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Ylymlar güni mynasybetli geçiren ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigine gatnaşdy. Dört ugur boýunça geçirilen bäsleşigiň «Himiki tehnologiýalar, innowasion materiallar we energetika» ugry boýunça iň gowy iş diýlip, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyp gyzynyň işi saýlanyldy.

 

Ýene-de okaň

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Teswirle