TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Türkmenistandan Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherine ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyryljak bu ýörite gatnawyň 30-njy iýunda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýar.

Bu gatnaw babatda Stambul şäheriniň howa menziliniň resmi internet saýtynda hem ýerleşdirilipdir. Gatnawlaryň tertibinde 30-njy iýundaT5 3921 belgili Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnawyň ýerine ýetiriljekdigi görkezilipdir.

Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan halkara gatnawlaryň ýola goýulmagy ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý hem-de Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherine adaty uçar gatnawlary ýola goýuldy.

Iýul aýynda bu ugurlar boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlaryň sany köpeldiler.

Şeýle hem Türkmenistandan Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherine gatnawlaryň ýola goýulmagyna garaşylýar.

Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça gatnawlary “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem amala aşyrýar. Bu awiakompaniýa 30-njy iýunda we 3-nji iýulda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Şeýle hem 28-nji iýunda şeýle ugur boýunça ýörite gatnawy ýerine ýetirdi.

 

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugry boýunça gatnawlar

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

Teswirle