TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer kömegi üçin möhüm teklip

Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça Adatdan daşary mejlisiniň işine gatnaşdy. Bu ýokary derejedäki duşuşyk Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagty Yslamabat şäherinde geçirildi.

Foruma, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG, Ýewropa Bileleşigi we Bütindünýä banky ýaly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Bellenilişi ýaly, bu duşuşygyň maksady halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni Owganystandaky ynsanperwer krizise çekmek, şeýle hem edilmeli gyssagly çäreleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew öz çykyşynda Owganystandaky durmuş-ykdysady we ynsanperwerlik ýagdaýynyň kyn döwründe bu forumyň geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy YHG-niň 15-nji sammitiniň ähmiýetini belläp, onuň çäginde kabul edilen Aşgabat ylalaşygy halkara jemgyýetçiligini we ilkinji nobatda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlaryny owgan halkyna iň ýokary derejede kömek bermäge çagyrdy. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistan goňşy Owganystana yzygiderli ynsanperwer kömegini ibermek, şeýle hem owgan topragynda abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady desgalary gurmak arkaly yzygiderli goldaw berilýändigini belläp geçdi.

Şeýlelik bilen, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-PAkistan (TAP) elektrik geçirijisiniň gurluşygy, bu ýurtda durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilen, esasan hem durmuş-ykdysady infrastrukturasy taslamalaryň ünsi çekildi. Şeýle hem, Türkmenistan tarapyndan goňşy Owganystana elektrik üpjünçiliginiň durnukly üpjün edilýändigi we tapgyrma-tapgyr artdyrylýandygy bellenildi.

Duşuşygyň çäginde türkmen tarapy bu ugurdaky ähli gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşygy dowam etdirmäge taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady we Owganystandaky ynsanperwer meseleler boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň iş toparyny döretmegi teklip etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistan halkara guramalary we maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyga jebis çemeleşmäni ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-niň howandarlygynda Owganystana ynsanperwerlik kömegi boýunça halkara maslahatynyň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

 

Türkmenistan-Hindistan: energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

Türkmenistanyň içeri işler ministrine polisiýanyň polkownigi ýörite ady dakyldy

Teswirle