2023-nji ýylyň 3 aýynda Türkmenistandan Hytaý Halk Respublikasyna 2,42 milliard dollarlyk tebigy gaz iberildi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.
“TASS” habarlar gullugynyň müdirlige salgylanyp beren habaryna görä, Türkmenistan turba geçirijiler arkaly Hytaýa tebigy gaz ibermekde birinji orunda durýar. Üstümizdäki ýylyň 3 aýynda Hytaýa 2,42 milliard dollarlyk tebigy gaz iberildi. Bu ugurdaky ösüş takmynan 14 göterime deňdir.
Hasabat döwründe, ýagny ýanwar-mart aýlarynda Russiýanyň Hytaýa iberen tebigy gazynyň möçberi 1,76 milliard dollara deň bolup, 2,2 esse köpeldi.
Şeýle hem degişli döwürde Mýanma Hytaýa 409 million dollara barabar bolup, bu ugurda üçünji orunda barýar.