Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistandan 1900 syýahatçy Azerbaýjana bardy. Bu barada Azerbaýjanyň syýahatçylyk boýunça döwlet agentligi habar berýär.
Bu görkeziji geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 3,3 esse köpdür. Geçen ýylyň mart aýynda 563 adam syýahat edipdir.
Agentligiň maglumatyna görä, Türkmenistan Azerbaýjany 2023-nji ýylyň mart aýynda syýahat eden raýatlaryň ýurtlarynyň sanawynda 15 ýurduň arasynda orun aldy.
Umuman, mart aýynda Azerbaýjana 136 müňden gowrak daşary ýurtly bar. Olaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42 göteirm köpdür.
2022-nji ýylda Azerbaýjana 11 müňden gowrak Türkmenistanyň raýaty syýahat etdi. Bu ugurda hem oňyn ösüş depgini gazanyldy.