Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, ses bermäge başlamak üçin bellenilen wagtda—ir sagat 7-de saýlaw okruglarynyň çäklerinde birbada ähli saýlaw uçastoklary açyldy.
Daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklarynda hem ses bermek çäresi guramaçylykly geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, şu gezekki möhüm jemgyýetçilik syýasy çäresini geçirmäge uly taýýarlyk işleri görüldi. Hususan-da, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 515-si, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2001-si, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 12098-si hem-de mejlisiň deputatlygyna syýasy partiýalar we raýat toparlary tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleriň 258-si bellige alyndy.
Ses berlişiniň barşyna halkara we milli synçylar monitoringi amala aşyrdylar.
Mundan başga-da, bu möhüm syýasy çärä ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdy. Halkara metbugat wekilleriniň hatarynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem wekilleri bar.
“Atawatan Media” topary halkara žurnalistler bilen bilelikde paýtagtymyz Aşgabatdaky we Ahal welaýatynyň Änew şäherinde saýlaw uçastoklaryna baryp ýazgy etdi.
Halkara habarçylar topary paýtagtymyz Aşgabatdaky Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda, Medeniýet institutynda we birnäçe mekdeplerdäki saýlaw uçaktoklaryna aýlanyp, şol ýerde ses bermegiň alnyp baryşyny ýazgy etmek mümkinçiligine eýe boldular.
Şeýle hem habarçylar Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýündäki saýlaw uçastogynda bolup, şol ýerdäki ses bermek işlerini ýerinde gördüler.
Umuman, ähli saýlaw uçastoklarynda ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Saýlawçylar saýlawlara işjeň gatnaşyp, mynasyp dalaşgäre ses berdiler.
Ýurdumyzda saýlawçylaryň 3.496.475-si hasaba alyndy. Saýlawlar gününe çenli 18 ýaşyny doldurýan, ilkinji gezek ses beren ýaş saýlawçylaryň sany 75606 adamdan ybaratdyr. Saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän saýlawçylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.