TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmenistanda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 190-sy hereket edýär

Şu gün 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlary güni. Ýurdumyzda täze okuw ýyly badalga aldy.

Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmekleri üçin yzygiderli tagallalar edilýär. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilimiň ähli derejelerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini bilşiniň ýokary derejesini gazanmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen bagly işler durmuşa geçirilýär.

Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň gerimini giňeltmek boýunça çäreler dowam etdirilip, häzirki wagtda ýurdumyzda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 190-sy hereket edýär. Şolaryň 118-sinde daşary ýurt dilleri öwredilýär. Täze okuw ýylyndan mekdepleriň ýene-de 5-si italýan dili, 7-si bolsa iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdiriler.

Ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde mugallymlara möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, bilim edaralaryny mugallymlar bilen üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berilýär.

2021-2022-nji okuw ýylynda 3165 talyp mugallymçylyk ugurly orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny tamamlap, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň bilim edaralaryna işe ýollanyldy. Şeýle-de diplomlary ykrar edilen pedagogik bilimli raýatlaryň 411-si bilim edaralaryna işe kabul edildi.

Bu barada Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewanyň “Türkmenistan” gazetindäki makalasynda bellenilip geçilýär.

Ýene-de okaň

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

Teswirle