TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistanda ýokary oktanly awtomobil benzininiň çykarylyşy özleşdirildi

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly AI-98 awtomobil benzininiň senagat taýdan çykarylyşy özleşdirildi, ol pes oktanly benzinden onuň hilini gowulandyrjy madda we düzümini üýtgediji madda goşulyp taýýarlanylýar.

Şu belgili benzin kameradaky basyşy artdymagyň hasabyna aňryçäk güýjüni görkezmäge ukyply hereketlendirijilere niýetlenen ýokary oktanly gowy ýangyçdyr. AI-98 benzini esasan 12-den 14-e çenli ýokary gysyşly awtomobil motorlarynda ulanylýar. Ýokary antidetonasinon häsiýetleri (oktan sypatlary) netijesinde benzin hereketlendirijiniň kuwwatyny ýokarlandyrýar we maşynyň işleýiş sesini peselidip, tizlik alşyny gowulandyrýar, ýangyjyň harç edilişini ep-esli azaldýar. Ýokary oktanly benziniň birinji tapgyry eýýäm içerki bazarda barlanyldy. TNGZT-niň önümi içerki bazarda ýerlenilýär hem-de daşary ýurtlara, esasan Aziýa we Ýewropa döwletlerine ugradylýar.

Zawod umuman önümiň 20-den gowrak görnüşini – A-92, A-95, A-80 benzinini, tehniki kerosini, reaktiw hem dizel ýangyjyny, mazuty, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, gazoýly, nebit elektrod koksuny, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumyny, kükürt ýaly serişdeleri öndürýär.Öndürilýan kerosiniň görnüşleriniň üstüne Jet A1 uçar kerosini-de goşuldy, onuň çykarylyşy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde ýola goýuldy. Ýangyçlaryň ähli görnüşi ekologiýa taýdan arassa önümlerdir.

Ýene-de okaň

Birža täzelikleri: türk işewürleri nah ýüplik aldylar

“Rosgeologiýa” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

Teswirle