TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanda Ýokary kazyýetiň başlygy täzelendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Guwançmyrat  Ussanepesow Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine Begenç Hojamgulyýew bellendi we ol Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Ýene-de okaň

Hytaýda “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde birinji sammit geçiriler

Dünýäniň liderleri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Şu gün – Halkara Nowruz güni

Teswirle