JEMGYÝET

Türkmenistanda Ýewropa kompaniýalarynyň hyzmat merkezlerini açmak teklibine seredildi

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Brýusselde Ýewropanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda täze ykdysady hyzmatdaşlygyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Ýewropa guramalary we kompaniýalary bilen birnäçe duşuşyklar geçirdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň, Wallon eksport we maýa goýum gullugynyň ýolbaşçylary, şeýle hem “Philips” we “Picanol” kompaniýalarynyň wise-prezidentleri bilen duşuşdy.

M.Çakiýew Antwerpeniň deňiz portunyň ýolbaşçylary we “Cargolux”, “Exagon Global BV”, “Royal IHC” we “DEME” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşyklaryň dowamynda bar bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistanyň dürli pudaklary üçin enjamlar bilen üpjün etmek, sanlaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak, telekeçiligi ösdürmek we maýa goýum işjeňligini ösdürmäge üns berildi.

Geljekde özara gatnaşygy güýçlendirmek we üpjün edilýän enjamlaryň hyzmatyny gowulandyrmak maksady bilen Türkmenistanda Ýewropa kompaniýalarynyň hyzmat merkezlerini açmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işewürlik hem-de maýa goýumlary üçin kanuny gurşawy gowulandyrmak boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Ata Watan Eserleri

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris