Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dilini öwrenmek üçin okuw otaglary açyldy. Bu otaglar Ýaponiýanyň Hökümetiniň taslamasy esasynda döwrebaplaşdyryldy.
Açylyş dabarasyna institutyň rektory Maral Kulyýewa, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroýuki Ýamamoto, ýapon dilini okadýan mugallymlar gatnaşdylar. Jemi 3 sany okuw otagy kompýuter, printer, telewizor, sinhron terjime üçin kabinalar we beýleki enjamlar bilen üpjün edildi. Bu enjamlar ýapon dilini okatmak işinde ulanylar.
Açylyş dabarasynda çykyş eden ilçi Hiroýuki Ýamamoto degişli enjamlaryň we okuw otaglarynyň institutyň mugallymlary we talyplary tarapyndan dil öwrenmek işinde netijeli ulanyljakdygyna we bu çäreleriň geljekde türkmen-ýapon gatnaşyklaryna özüniň goşandyny goşjakdgyna umyt bildirdi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan 100-den gowrak talyp ýapon dili boýunça uçurym bolup, olar Türkmenistanyň ähli künjeginde mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dilini öwredýärler.
Tutuşlygyna, ýurdumyzda ýapon dilini 13,3 müň adam öwrenýär. Ýapon diliniň dünýäde uly gyzyklanma bildirilip öwrenilýän ýurtlarynyň hatarynda ýurdumyzyň öňdäki hatardadygyny bellemelidiris.