Türkmenistanda welosiped sürmek barha ýaýbaňlandyrylar

Türkmenistan döwletimiz boýunça 2021-2025-nji ýyllarda welosiped sportyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasy taýýarlandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde bellenilip geçildi.

Bu maksatnama, türkmen welosipedçileriniň ussatlygyny ýokarlandyrmak we dünýä derejesinde olaryň ornuny ýokarlandyrmak, welosiped sportunyň meşhurlygyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly,Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosiped ýörişlerini geçirmek däbe öwrüldi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen köpçülikleýin welosiped çäreleri Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi we Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni hökmünde yglan edildi. Şu ýylyň oktýabr aýynda bolsa Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welotrek boýunça dünýä çempionatyna guramaçylykly taýýarlyk görmek barada aýdyp, bu maksatnamany täzeden seretmegi we bu barada käbir maslahatlaryny berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörişleri üçin degişli infrastrukturanyň giňeldilmeginiň, welosiped kireýne berilýän nokatlaryň döredilmeginiň, ýörite dükanlaryň we ussahanalaryň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz täze dörediljek ýaşaýyş we seýilgäh toplumlarynda welosiped sürmek üçin degişli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belläp geçdi.

Okap bilersiňiz  Pursatlarda durmuş bar

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!