TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanda welaýatara awtobus gatnawlarynda täze möhlet

Türkmenistanyň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň resmi web saýtynda berlen maglumata görä, welaýatara we şäherara awtobus gatnawlaryny wagtlaýyn çäklendirmegiň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli uzaldyldy.

Agentlik mundan ozal, awtobus gatnawlaryny 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli duruzypdy.

Birnäçe wagt mundan ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň resmi web saýtynda berlen maglumata görä,  otly gatnawlary hem 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli togtadylýar.

Düýn habar berşimiz ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap edildi. Şol habardan görnüşi ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýokary kazyýetiň başlygy täzelendi

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Teswirle