JEMGYÝET

Türkmenistanda uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylýar

Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň şanyna bagyşlanan dabaralaryň çäginde uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylyp başlandy. BU barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şeýle dabaralaryň biri düýn paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde geçirildi. Oňa uruş weteranlarydyr tylda zähmet çekenler bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, harby gullukçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda uruş weteranlaryna, şeýle-de tylda zähmet çekenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň at gazanan artistleri Zylyha Kakaýewanyň, Ilşat Annamämmedowyň, şeýle-de harby gullukçylaryň aýdym-saz toparynyň aýdymçydyr sazandalarynyň, «Aşgabat» tans toparynyň joşgunly çykyşlary dabara gatnaşanlaryň göwnünden turdy.

 

Ýurdumyzdaky kazyýet edaralarynyň hukuk salgylary we telefon belgileri

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezi başlangyjyny öňe sürýär

Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýa bardy