JEMGYÝET

Türkmenistanda täze prokurorlar wezipä bellendi

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Kakamyradowiç Annamuhammedow Aşgabat şäheriniň harby prokurory;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Ahmet Berdimyradowiç Annamyradow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory;

ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Bäşimgulyýewiç Ýowşanow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory;

1-nji derejeli ýurist Begli Kakageldiýewiç Hommadow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory;

2-nji derejeli ýurist Kakajan Döwranowiç Ataýew Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory;

1-nji derejeli ýurist Bäşim Çarygulyýewiç Ýalkabow Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ýustisiýanyň geňeşçisi Gurbandurdy Suhanberdyýewiç Meläýew Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Ýakup Meretmuhammedowiç Annaýew Aşgabat şäheriniň harby prokurory;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Berdimyrat Niýazberdiýewiç Annaýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň prokurory;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meýlis Tirkeşowiç Ýelmyratow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Ruslan Hamraýewiç Döwranow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Alym Abdullaýewiç Goňurow Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meýlis Akmyradowiç Hojaýew Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şohrat Terkeşowiç Mämiýew Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory;

gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Gurbanguly Azadyýewiç Naýýaýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory;

ýustisiýanyň geňeşçisi Şatlyk Gündogdyýewiç Myradow Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa – Ýewropanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Donald Trampyň janyna howp salynmagyny ýazgardy

Ýewropanyň finaly: Angliýamy, Ispaniýa çempion bolar?