BILIM

Türkmenistanda talyp ýigitleriň arasynda bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda  Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bu barada «Mugallymlar gazeti» gazeti habar berýär.

Netijelere görä, baş baýraga S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Ýazdurdyýew mynasyp boldy.

Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Hezretaly Annaberdiýew birinji orny eýeledi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine guraýjylar tarapyndan Diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşik 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

“Clubhouse” indi Android üçin hem elýeterli bolar

 

 

 

Ýene-de okaň

Oksford sözlügi tarapyndan ýylyň sözi saýlandy

Türkmenistan-Eýran: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Täze Zelandiýa mekdeplerde telefony gadagan eder

Türkmen ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler

Türkiýede talyplara wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama almagyň tertibi

Ýylyň sözi – “hakyky”