TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmenistanda «Talyp joşguny ― 2021» atly döredijilik festiwaly yglan edildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda «Talyp joşguny — 2021» atly döredijilik festiwalyny yglan etdi. Bu baradaky bildiriş sişenbe güni «Nesil» gazetinde çap edildi.

11 şertden ybarat boljak festiwalda talyplar aşakdaky ugurlar boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezmeli bolarlar:

1. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly bilen bagly edebi-çeper kompozisiýa (talyplar islegine görä daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler).

2. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, ata Watanymyzy wasp edýän aýdym.

3. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde aýdyşyk aýdymy.

4. Talyplar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy.

5. Talyplar toparyndan düzülen orkestriň milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyş.

6. Talyp durmuşyndan degişme sahnasy.

7. Halk döredijiliginiň eserlerinden parçany ýerine ýetirmek.

8. Şygyrlary çeper okaýyş.

9. Meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek.

10. Taryhda yz galdyran şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen teatrlaşdyrylan sahna oýny.

11. Saz astynda tansly çykyş.

Festiwalyň ilkinji tapgyry 28-nji maýa çenli ýokary okuw mekdepleriniň özlerinde geçiriler. Olar şol bäsleşigiň ýeňijilerinden çeper höwesjeňler toparyny döredýärler we onuň düzümini kesgitläp, ony guramaçylyk toparyna tabşyrýarlar. Ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebi özünde geçirilen «Talyp joşguny — 2021» atly döredijilik festiwalyny hökmany suratda ýazgy edýär we DVD görnüşinde wideoýazgylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň medeniýet bölümine bäsleşigiň geçen gününiň ertesi tabşyrýar. Ýokary okuw mekdeplerinden saýlanan çeper höwesjeňler topary 2021-nji ýylyň 1 — 5-nji iýuny aralygynda döwlet derejesinde geçiriljek döredijilik festiwalynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar.

Döredijilik festiwalynda ussatlyk bilen ýerine ýetiren ýokary okuw mekdepleriniň talyplar toparlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79, 44-88-85.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-84-16.

«Sputnik V» synagdan geçirilýär

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Himiýa boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Fizika boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Nobel hepdeligi başlady

Teswirle