SIZDEN GELENLER

Türkmenistanda paýly gurluşyk işiniň hukuk esaslary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň başynda duran oňyn özgertmeleriniň maksada laýyk amala aşyrylmagy, ozaly bilen ýurdumyzda milli kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, onuň halkara standartlaryna laýyk getirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Her bir jemgyýet kanunlaryň doly güýjünde hereket edip, talaba laýyk, gyşarnyksyz berjaý edilmegi bilen sagdyn jemgyýete öwrülýär. Diňe bir raýatlaryň kadaly, azat, erkin ýaşaýşyny üpjün etmek däl, eýsem-de bolsa ýurduň ykdysady taýdan belent sepgitleri eýelemegi babatynda öňde durýan wezipeleriň  üstünlikli amala aşyrylmagy hem ilkinji nobatda kämil, berk kanunçylyk ulgamy bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi munuň üçin jemgyýetiň aň-düşünjesiniň, sowatlylygynyň, ahlak we ruhy kämilliginiň ýokary bolmagy derwaýysdyr. Türkmenistan kanunuň rüstemliginiň we raýatlaryň şahsyýetine hormat goýulmagyna esaslandyrylan hukuk we azatlyk bähbitlerini goramagyň jedelsiz ileri tutulýan ugurdygyny jar etdi. “Hakyky demokratiýa kanunlaryň berjaý edilmegindedir, durnuklylygyň saklanylmagyndadayr, adamalaryň hukuklarynyň goralmagyndadyr we durmuşa geçirilmegindedir” diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz kanunlaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini we olaryň berjaý edilişiniň berk gözegçilikde saklanylmagyny, raýatlaryň syýasy, ykdysady, sosial we beýleki hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini talap edýär. Häzirki döwürde halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen hususyýetçilige aýratyn üns berilýär. Hususyýetçiler döwletiň ykdysadyýetini ýokarlandyrmakda, halkymyzyň durmuş isleglerini kanagatlandyrmakda uly işleri amala aşyrýarlar. Olara döwletimiz tarapyndan goldaw berilmegi bu ugurdaky işleriň ilerlemegine has-da oňyn täsirini ýetirýär.  Bu ugurda mertebesi belent Hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan işler sanardan köpdür. Şeýle maksat bilen Gahryman Arkadagymyz hususy eýeçiligiň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berýär. Şol sebäpden hem Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna gelen ilkinji gününden kämil kanunçylyk namalaryny döretmek üçin uly işleri amala aşyrdy. Şeýlelik-de Hormatly Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe kanunlar kabul edilýär, ol kanunlaryň dünýä derejesine laýyk gelip,  biziň ýurdumyzda hereket etmegi olaryň bähbitleriniň diňe ýurt içinde däl,  eýsem ýurt daşynda hem gorag kepili bolup çykyş edýär. Şol kabul edilen kanunlaryň hatarynda 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen, 5 bapdan 29 maddadan ybarat bolan “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýekleriniň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň  kanuny has-da üns bererliklidir. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen berk bagly bolan bu kanun biziň tejribämizde täzedir. Gurluşyga paýly gatnaşmak bilen bagly gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan ýörite kanunyň kabul edilmegi, gurluşyga gatnaşmak hakynda şertnamalar boýunça paýçylar hökmünde gatnaşýan raýatlaryň bähbitleriniň we hukuklarynyň kanuny gorag kepilidir. Bu kanunyň kabul edilmegi bilen dürli maýa goýum kompaniýalary raýatlaryň we guramalaryň pul serişdelerini özlerine çekip, olary maksatlaýyn niýetlenişine ulanmaklarynda, olaryň batan ýagdaýynda bolsa gurluşygy gutarylmadyk obýektleriň kimiň jogapkärçiligindedigi hem-de raýatlar we guramalar-paýçylar özleriniň pullaryny ýitirmezlikleri üçin gerekli şertleri bolan düzgünleri kadalaşdyrylýar. Kanunyň 26-njy maddasynda paýçynyň hukuklary we borçalary görkezilendir. Şoňa laýyklykda paýçy taslama beýannamasy hakynda doly maglumat almaga, gurluşyga barmaga we gurluşygyň gidişi bilen tanyşmaga, gurujydan ýazmaça ýüz tutmak bilen ýaşaýyş jaýynyň gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygynyň gidişi we ulanylmaga berilmeginiň möhletleri hakynda maglumatlary almaga hukugy bardyr.  Bu kanunyň kabul edilmegi paýly gurluşyk işiniň ýüze çykmagyna esas bolup durýar. Bu kanun paýly gurluşyk babatdaky işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär, fiziki we ýuridiki şahslaryň pul serişdeleriniň çekilmeginiň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklary dügünleşdirýär, paýçylaryň we guryjylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynyň kepilliklerini belleýär.

Ýazgedli ANNAMUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

 institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” kafedrasynyň mugallymy

 

Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

 

 

 

Ýene-de okaň

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary