TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmenistanda nebitgaz pudagy toplumlaýyn ösdürilýär

Häzirki döwürde ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, oňa täzeçil usullary, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny, aýratyn-da, nebitgaz senagatyny toplumlaýyn ösdürmäge giň ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny tehniki we tehnologik taýdan kämilleşdirmek üçin hemme çäreler görülýär.

Ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, oňa dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa toplumyň önümçilik kuwwatlyklarynyň, şol sanda gaýtadan işleýän pudagyň ösüşine hem-de yzygiderli ýokarlanmagyna giň ýol açýar.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär.

Nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ugurdaş düzümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny ösdürmek onuň esasyny düzýär. Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleri üstünlikli çözülýär.

Nebitgaz hem-de nebithimiýa pudaklarynda täze önümleriň önümçiligi ýola goýulýar. Golaýda,  EURO-6  standartyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän we ekologiýa taýdan has arassa bolan A-98 kysymly awtobenziniň önümçiligine başlandy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Euro-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzinini öndürmek ýola goýuldy.

Olga Myradowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

 

www.trade.com.tm – söwda platformasy ýola goýuldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky abraýy ýokarydyr

Dialog — parahatçylygyň kepili

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Teswirle